Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamediden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlis habar berýär.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisiniň hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň iki tarap üçin hem bähbitlidigini kanagatlanma bilen bellediler.
Şunuň bilen birlikde, milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Şu gün Müsüriň Aşgabatda täze bellenilen ilçisiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edilendigini habar beripdik.