Turkmenportal logo
Düýn 17:32
73607360
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
 Gyrgyzystanyň gündogarynda ýer titredi
Surat: ru.kabar.kg

Gyrgyz Respublikasynda 27-nji aprelde ýerli wagt bilen sagat 11:36-da ýerasty sarsgynlar hasaba alyndy. Onuň güýji 3 bal töweregi boldy diýip, «Kabar.kg» habar berdi.

Seýsmologlar ýertitremäniň ojagynyň Zalaý dag gerşinde ýerleşendigini habar berdiler. Onuň merkezi Oş şäherinden günorta-günbatarda 125 kilometrlikde hasaba alyndy.

Pida bolanlar we ýykylan binalar ýok diýlip, habarda bellenýär.