Turkmenportal logo
Düýn 16:57
68606860
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çadda iki maşgalanyň guýy üstündäki dawasy 40 adamyň ölümine getirdi
Surat: mir24.tv

Çad döwletiniň gündogarynda betbagtçylykly waka 40-dan gowrak adamyň ölümine sebäp boldy. Bu barada AFP agentligine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Waka Wadi-Fira ülkesinde boldy, ýerli häkimiýetleriň wekili Brahim Issa Galmaýeniň aýtmagyna görä, gapma-garşylyga iki maşgalanyň suwly guýynyň üstünde dawasy sebäp bolupdyr. Çaknyşykda azyndan 42 adam wepat bolupdyr. Sebitde ýer, mal we suw üstünde taýpalaryň arasynda çaknyşyklar kän bolýar.

«International Crisis Group» hökümete degişli bolmadyk seljeriş topary bu meseläniň ýitidigini belleýär, 2021-2024-nji ýyllar aralygynda şeýle çaknyşyklarda bir müňden gowrak adam pida bolupdyr, iki müň töweregi adam ýaralanypdyr.

Häzirki wagtda Çadyň gündogar ülkeleri Sudandaky uruşdan gaçýan bosgunlary kabul edýär. Olar bu ülkelerde suw ýetmezçiligi we howpsuzlyk meseleleri bilen baglylykda, dartgynly ýagdaýa uçraýarlar.

«Bu ýerlerdäki dartgynly ýagdaý häzirki wagtda gözegçilikde saklanýar» diýip, ýurduň Premýer-ministri Liman Mahamata žurnalistlere habar berdi.