Turkmenportal logo
Düýn 16:12
62366236
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwada ýagan gar 55 ýyl mundan öňki rekordy täzeledi
Surat: mir24.tv

Moskwada gar örtüginiň beýikligi 12 santimetre ýetdi. Bu ýarym asyr mundan öňki rekorddan hem ýokarydyr. Bu barada «Fobos» howa merkeziniň baş hünärmeni Mihail Leusa salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

«Fobosyň» beýleki bir hünärmeni Ýewgeniý Tişkowes Russiýanyň paýtagtynda düýn 21 santimetr ygal düşendigi nygtady. Şeýle köp gar baryp 1880-nji ýylda hasaba alnypdyr.