Lebap welaýatynda 2026-njy ýylda 1 müň 400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 600 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, her gektardan 140 sentner ýeralmanyň hasylyny almagy maksat edinýän lebaply babadaýhanlar häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine daýhan yhlasy bilen seredip, daýhançylygyň synagdan geçen talaplaryna laýyklykda ideg işlerini, ýagny, suwarmak, hatarara bejergilerini geçirmek, zerur bolan organiki hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çärelerini yzygiderli alyp barýarlar.
Çärjew etrabynda ýazky möwsümde 380 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 5 müň 320 tonna, Dänew etrabynda 300 gektar meýdandan 4 müň 200 tonna, Saýat we Kerki etraplarynda hem degişlilikde ýeralma ekilen 200 we 150 gektar ýerden 2 müň 800 we 2 müň 100 tonna hasyl almaklyk göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem gündogar sebiti boýunça şu ýyl 900 gektar ýerde ýazlyk sogan ekilip, her gektaryň hasyllylygyny 250 sentnere ýetirmeklik, möwsümde bolsa 22 müň 500 tonna sogan öndürmek meýilleşdirilýär. Welaýatyň Döwletli hem-de Çärjew etraplarynyň gök ekerançylary şu möwsümde degişlilikde 260 we 250 gektar ýerde ýazlyk sogan ekip, ondan 6 müň 500 we 6 müň 250 tonna hasyl almaklygy maksat edinýärler.