Turkmenportal logo
Şu gün 09:39
47184718
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy «Ahalteke bedewi» atly interaktiw çäre geçirdi

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanada «Ahalteke bedewi: sungat eserlerinde gözellik, güýç we asyllylyk» atly uly göwrümli medeni —aň-bilim çäresini çeper döredijilik we interaktiw maksatnamanyň elementleri bilen geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berlişine görä, çäre paýtagtyň Swýatoşin etrabynyň bilim edaralary we döredijilik birleşikleri bilen bilelikde guraldy. Çärä mekdep okuwçylary, çeperçilik gurnaklarynyň agzalary, ene-atalar, ilçihananyň wekilleri, türkmen ýaşlary hem-de kitaphananyň işgärleri gatnaşdylar.

Ilkinji minutlardan başlap, myhmanlar türkmen medeniýetiniň özboluşly gurşawyna aralaşdylar: bu ýerde dutar we gyjak ýaly milli saz gurallarynyň owazy ýaňlandy, tematik wideomateriallar görkezildi.

Ahalteke bedewlerine bagyşlanan çagalaryň surat sergisi aýratyn gyzyklanma döretdi.

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň diplomaty çykyş edip, öz çykyşynda Türkmenistanda döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy we medeni ähmiýetini giňişleýin beýan etdi.

Çagalaryň arasynda «Ahalteke bedewleriniň syrlary» atly interaktiw bäsleşik hem uly gyzyklanma döretdi. Oňa gatnaşyjylar soraglara jogap berip, özleriniň işjeň gatnaşýandygyny we türkmen atlary baradaky eýýäm gazanan bilimleriniň ýokary derejesini görkezdiler.

Baýramçylyk çäresiniň çäklerinde çeper sergä gatnaşanlaryň ählisine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem dürli ugurlar boýunça geçirilen surat bäsleşiginiň ýeňijileri aýratyn bellenilip, ahalteke bedewini şekillendirmekde ýokary ussatlygy we özboluşly çemeleşmesi bilen tapawutlanan gatnaşyjylar sylaglandylar.