Turkmenportal logo
Şu gün 17:15
16571657
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Golaý bäş ýyldaky esasy ölüm howply keseller sanaldy
Surat: gazeta.ru

Golaý bäş ýyldaky esasy ölüm howply keseller ýürek-damar, onkologiýa we endokrin, şeýle-de grip keselleri bolar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, epidemiolog, Russiýanyň Bilim akademiýasynyň prezidenti Gennadiý Onişenko TASS habarlar gullugyna beýanatynda aýtdy.

Hünärmen wagtyň geçmegi bilen, gripiň görnüşleriniň üýtgeýändigini belledi. Emma ol ýokanç keselleriň arasynda öňdeligi saklap gelýär. Kesel soňlugy bilen ýürek ulgamynyň gaýraüzülmelerine getirip biler.

Onişenkonyň aýtmagyna görä, soňky ýigrimi ýylda ýokary ölüm howply keselleriň sanawy üýtgemändir. Hatda koronawirus ýokanjy döwründe-de grip az zyýan getirmändir. Emma COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäklendirmeleriň girizilmegi sebäpli, adamlar onuň bilen az keselläpdirler.

«Täze ýokançlaryň peýda bolmagy barada aýdanyňda, häzir biz maýmyn mamasy barada gürrüň edýäris, ol eýýäm adamlaryň arasyna ornaşdy. Birinji orunda mergi durýar» diýip, akademik nygtady.

Lukman alymyň sözlerine görä, geçen asyryň 60-njy ýyllarynda merginiň altynjy pandemiýasy başlanypdyr, emma ol dünýäde henizem tamamlananok.