Wengriýanyň Hökümet başlygynyň wezipesini terk edýän Wiktor Orban özüniň parlamentdäki ornundan ýüz öwürmekçidigini, emma «Fider-Wenger raýat bileleşigi» partiýasynyň lideri bolup galmakçydygyny habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
«Men özümiň parlament mandatymdan ýüz öwürmek kararyna geldim... Maňa «Fider-Wenger raýat bileleşigi» partiýasynyň lideri hökmünde işimi dowam etdirmek teklip edildi. Eger partiýanyň gurultaýy ynam bildirse, men bu wezipäni ýerine ýetirmäge taýýar» diýip, syýasatçy aýtdy.
12-nji aprelde Wengriýada parlament saýlawlary geçdi, onda Peter Madýaryň ýolbaşçylygyndaky «Tisa» partiýasy Orbanyň partiýasyndan ep-esili aratapawut bilen ýeňiş gazandy.