Aşgabatdaky «Altyn Toý Mekany» uly zaly giň gerimli we dabaraly çäreleri geçirmek üçin işjeň meýdança hökmünde özüni görkezmegini dowam etdirýär. 1200-e çenli myhmany kabul etmäge niýetlenen bu künjek toý dabaralaryny, ýubileýleri, korporatiw agşamlary hem-de resmi çäreleri geçirip, myhmanlara amatly şertleri we döwrebap tehniki enjamlaşdyryşy hödürleýär.
Zalyň içki bezegi döwrebap we ajaýyp görnüşde ýerine ýetirilendir: beýik potolokly giň zal, oýlanyşykly yşyklandyryş we sazlaşykly bezeg dabaraly hem-de ýyly toý-baýramçylyk gurşawyny döredýär. Guramaçylar zalyň estetika bilen işjeňligiň utgaşmagynyň netijesinde uly islege eýedigini nygtaýarlar.

«Altyn Toý Mekany» ýokary derejeli yşyk we ses enjamlary, uly sahna hem-de oturylyşyk üçin çeýe ulgam bilen üpjün edilendir. Bu bolsa giňişligi dürli görnüşdäki çäreler üçin — nusgawy banketlerden başlap, konsert maksatnamalaryna we şowhunly çykyşlara çenli — laýyk getirmäge mümkinçilik berýär.
«Biz myhmanlarymyzy öz zalymyzda görmege elmydama şatdyrys. Biziň maksadymyz — bu ýerde geçirilýän her bir çäräniň täsirli hem ýakymly ýatlamalary galdyrmagydyr. «Altyn Toý Mekany» hut adamlaryň durmuşyndaky möhüm pursatlar üçin döredildi» — diýip, zalyň ýolbaşçylary belleýärler.
Şeýlelikde, «Altyn Toý Mekany» paýtagtyň möhüm we giň gerimli çäreleri geçirmek üçin esasy meýdançalarynyň biri bolmagynda galýar.
Salgysy: Aşgabat şäheri, «Gül Zemin» söwda merkezi, «Altyn Toý Mekany».
Habarlaşmak üçin: (99312) 903587, (99312) 903727, (99365) 721338, (99365) 721381.
E-poçta: altyntoy@gmail.com.