Turkmenportal logo
Şu gün 11:47
55615561
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça ýetginjekleriň dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi kesgitlenildi

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň tälimçiler düzümi maý aýynda Müsürde geçiriljek dünýä birinjiligine gatnaşjak toparyň soňky düzümini kesgitledi. Bu barada Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) resmi saýtynda habar berilýär.

Ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiligi 2–8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismaýiliýa şäherinde geçiriler. Ýaryşa Türkmenistandan dokuz türgen — bäş gyz we dört oglan gatnaşar.

Ýygyndynyň düzümine Ogulşat Amanowa we Şabnam Kerimbaýewa (53 kg çenli agram derejesi), Medine Amanowa (63 kg çenli), Asal Kerimbaýewa (77 kg çenli), Anamjan Rustamowa (86 kg çenli), şeýle hem Didarbek Jumabaýew (79 kg çenli), Yslam Akmyradow (94 kg çenli), Süleýman Jafarow (110 kg çenli) we Saparbaý Atajanow (110 kg-dan ýokary) girizildi.