Turkmenportal logo
Şu gün 10:46
30493049
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Mejlisinde Palestina Döwletiniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abuhijleh Rana bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy ýurduň dünýä ýurtlary, şol sanda Palestina Döwleti bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.