Turkmenportal logo
Şu gün 10:33
26852685
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şwesiýada soňky 30 ýylda iň az çaga dogluşy hasaba alyndy
Surat: ont.by

Geçen 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Şwsiýada 2022-nji ýyldan bäri iň az çaga dünýä indi. Bu barada ýurduň Merkezi statistika edarasyna salgylanýan «Belta.by» agentligi habar berdi.

Hünärmenleriň bellemegine görä, Şwesiýada çaga dogluşynyň azalmagy 2010-njy ýyldan bäri hasaba alynýar, geçen ýyl bolsa ýurtda 97,5 müň çaga dünýä inip, bu 2024-nji ýyldakydan 960 çaga ýa-da 1 göterim azdyr.

2025-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, ýurduň ilatynyň sany 10 million 650 müň 500 adama deň boldy, ýagny bir ýylda bary-ýogy 17,8 müň ýa-da 0,2 göterim köpeldi. Bu ýurduň ilatynyň XXI asyrda iň az artyşydyr diýlip, habarda bellenýär.