Ýekşenbe agşamy Waşington şäherindäki «Washington Hilton» myhmanhanasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň žurnalistler bilen duşuşygynda ýaragly adam ok atdy. Çärä Trampyň aýaly we ýurduň döwlet edarasynyň köpsanly agzalary gatnaşýardy diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
ABŞ-nyň Gizlin gullugynyň bir işgäriniň ýaralanandygy, onuň janyna howp abanmaýandygy habar berilýär. Hüjüm edeni tussag astyna aldylar.
Donald Trampyň pikirine görä, amala aşyran ägirt uly işleri üçin onuň garşysyna öňem az kast edişlik az bolmady, «Olar meniň ýaly ýurda has uly täsir eden adamlary ýok etmekçi bolýarlar» diýip, Tramp Ak tamda žurnalistlere aýtdy.
Ýerli habar beriş serişdeleri tussag edileniň Kaliforniýanyň 31 ýaşly ýaşaýjysy Koul Tomas Allendigini ýazýarlar. «CBS News» teleýaýlymyň habar bermegine görä, ol myhmanhananyň myhmany bolupdyr we ýanynda birnäçe ýarag göteripdir.
Derňew işleri dowam edýär.
Ok atyşyk sebäpli saklanan agşamlyk has soňa geçirildi diýlip, habarda bellenýär.
Dünýä liderleriniň köpsanlysy waka sebäpli Trampa duýgudaşlyk bildirdiler.