Turkmenportal logo
Şu gün 08:15
59045904
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Weli Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan konsertde türki dilli ýurtlaryň artistleri çykyş eder

2-nji we 3-nji maýda Aşgabatda görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli TÜRKSÖÝ guramasynyň opera sahnasynyň ussatlarynyň gala-konserti geçiriler.

Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň bilelikde çykyş etmeginde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkiýeden gelen artistler we Türkmenistanyň sungat ussatlary çykyş eder.

Konsert Mukamlar köşgünde geçiriler. Başlanýan wagty: sagat 18:00.

Ozal habar berşimiz ýaly, maý aýynda Aşgabatda TÜRKSÖÝ guramasynyň Opera günleri geçiriler.