Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gözbaş, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Sumbar, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Şabat, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Jeýhun, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Marguş, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Nusaý, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Mertebeli atly ajaýyp bedewler sowgat berildi. Şol pursatlarda welaýatlara, Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdara hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa Gaýratly atly bedew sowgat berildi. Bu barada TDH-de habar berildi.
Soňra ýurduň atşynaslarynyň adyndan Arkahan atly bedew sowgat berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanyndan ýurduň atşynaslarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine Daghan atly ahalteke bedewini gowşuryp bermegi haýyş edildi. Arkadagly Gahryman Serdar dabara gatnaşýan hormatly ýaşululara hem-de atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutany ýurduň atşynaslarynyň adyndan Gahryman Arkadaga sowgat berlen Daghan atly bedewiň boýnuna Ogulabat enäniň örüp miras goýan alajasyny, Arkahan atly bedewiniň boýnuna bolsa käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny daňdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Arkahanyň «Arka» ady alynsa, Daghanyň bolsa «Dag» ady alynsa, «Arkadag» diýen adyň ýazylýandygyny bellemek gerek. Munuň özi, elbetde, türkmen halkynyň şöhratly geçmişinden şanly geljege barýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.