Turkmenportal logo
Düýn 16:58
1156611566
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Gahrymanlaryň albomy» taslamasy dowam edýär

Tahyr Ataýewiň orkestri şu ýyl «Gahrymanlaryň albomy» başlangyjyny dowam etdirip, Türkmenistanyň raýatlaryny oňa goşulmaga çagyrýar.

Munuň üçin etmeli zat örän ýönekeý — 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan ýakyn hossaryňyzyň fotosuratyny atayev.orchestra@gmail.com salgysyna ugratmaly. Suratlar ýokary hilli bolup, jpeg, png ýa-da pdf formatlarynda bolmalydyr.

Hatyňyzda weteranyň familiýasy, ady we atasynyň ady, ýaşan ýyllary, siziň ýaşaýan şäheriňiz görkezilmeli hem-de gahryman barada gysgaça ýazgy goşulmaly (mysal üçin: «Ol hemişe biziň ýadymyzda», «Onuň sarpasyny mydama saklaýarys! Buýsanýarys!»).

Suratlar 6-njy maýa çenli kabul edilýär. Iberilen ähli suratlar «Gahrymanlaryň albomyna» goşular we baýramçylyk konsertiniň dowamynda ekranda görkeziler.