Şu gün Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy uly ruhubelentlikde bellenilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurduň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, sergiler, at çapyşyklary şatlyk-şowhuna beslenip, ýokary ruhubelentlikde geçirilýär. Türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri bolan behişdi bedewleriň şanyna guralan köpöwüşginli baýramçylyk çärelerinde hakyky toý ruhy höküm sürýär. Geçmişde-de ýelden ýyndam bedew atlar halkyň durmuşynda aýratyn orna eýe bolup, türkmen toýlarynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrypdyr.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda hem bellenilişi ýaly: « Türkmen atşynaslygyny sungat derejesine ýetiren pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzündäki tohum atlaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr we köňül buýsanjydyr».
Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.