Hytaýyň DeepSeek tehnologiýa kompaniýasy açyk elýeterlilikde özüniň täze uly dil modeli bolan DeepSeek-V4 bilen tanyşdyrdy. Bu barada işläp düzüji «WeChat» sosial torunda habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Kompaniýa DeepSeek-V4-iň daşky dünýä babatdaky bilim gory we maglumaty işläp çykarma öndürijiligi boýunça hytaýly programma üpjünçiligini döredijileriň arasynda öňdeligi eýeleýändigini habar berdi. Täze model iki nusgada: 1,6 trln parametrli pro we 284 mlrd parametrli flash görnüşde elýeterlidir. DeepSeek-V4 bir million tokenli, ýagny 15-20 romanyň tekstine barabar kontekstli penjiräni goldaýar.
DeepSeek hytaý kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwarynda öňdebaryjy amerikan nusgalaryndan kem bolmadyk kysymy öndürmek bilen, gazna bazarlaryny hem-de tehnologik gurşawy aňk edipdi. Özem şunda ol ABŞ-dan bolan bäsdeşlerinden az serişde sarp edipdi.
Hytaý häzir emeli aň ulgamynda haýran galdyryjy ösüşi başdan geçirýär. Pudagyň liderleri Alibaba, Baidu, ByteDance, DeepSeek, MiniMax, Moonshot AI, Tencent we Zhipu AI kompaniýalary bolup durýar.
HHR-de generirleýji emeli aňdan peýdalanýanlaryň sany 2025-nji ýylda 602 milliona ýetdi, bu bolsa ýurduň ilatynyň 42,8 göterimidir.