Turkmenportal logo
Düýn 13:09
64056405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Adam we kanun» telegepleşiginiň alypbaryjysy aradan çykdy
Surat: gazeta.ru

Russiýanyň Birinji ýaýlymynda «Человек и закон» telegepleşigini çärýek asyr bäri alyp barýan Alekseý Pimanow 64 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada ýaýlymyň zenan alypbaryjysy göni ýaýlymda habar berdi. «Onuň ýüregi götermedi» diýip, alypbaryjy zenan aýtdy.

Žurnalist zenanyň sözlerine görä, Pimanow telegepleşikden başga-da, filmleriň ssenarisini ýazdy, surata düşürdi we «Gyzyl ýyldyz» atly iri mediaholdinge ýolbaşçylyk etdi.

Alekseý Pimanow 1962-nji ýylyň 9-njy fewralynda Moskwada doguldy. Moskwanyň Awiasiýa institutyny tamamlady, emma ykbalyny žurnalistika hem telewideniýe bilen baglanyşdyrdy. ORT we Birinji ýaýlymda «Человек и закон» atly täsirli jemgyýetçilik-syýasy taslamanyň awtory hem-de alypbaryjysy hökmünde (1996-2026 ýyllar) giňden meşhurlyk gazandy. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Daşary işler ministrliginiň resmi saýtyndaky ýüzlenmesinde Pimanowyň aradan çykmagyny «ýurduň žurnalistikasy we rus jemgyýeti üçin agyr ýitgi» diýip häsiýetlendirdi.

Öň žurnalistiň aradan çykmagy bilen bagly Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gynanç bildirdi diýip, «MIR 24» habar berdi.