Turkmenportal logo
Düýn 07:51
55825582
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rustam Minnihanow: Tatarystany we Türkmenistany bedewe belent sarpa goýmak ýörelgeleri birleşdirýär

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentini tüýs ýürekden gutlady.

TDH-de habar berlişi ýaly, Rustam Minnihanow gutlag hatynda şu ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýändigini, munuň türkmen döwletliliginiň Garaşsyzlyk hem-de baky Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygyny alamatlandyrýandygyny belledi.

«Biziň halklarymyzy ynsanyň wepaly hemrasy hökmünde bedewe belent sarpa goýmak ýörelgeleri birleşdirýär. Ahalteke tohumy biziň respublikamyzyň atçylyk sporty medeniýetinde aýratyn orny eýeleýär. Tatarystan behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň Russiýadaky esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Bu bedewleriň gözelligi hem-de çydamlylygy Kazanyň aýlawlarynda geçirilýän at çapyşyklaryna müňlerçe tomaşaçyny ýygnaýar» diýip, Tatarystanyň Baştutany nygtady.

Gutlag hatynyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine hem-de ähli doganlyk halky bilen bilelikde bu ajaýyp baýram mynasybetli şatlykly duýgularyny paýlaşýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanlaryna we ýakynlaryna, ýurduň ähli raýatlaryna berk jan saglyk, abadançylyk arzuw etdi.