Turkmenportal logo
Şu gün 21:25
30393039
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dubaýda metronyň «Altyn ugry» gurlar
Surat: Surat: kabar.kg

Dubaý jemgyýetçilik ulagy ulgamynyň taryhynda «Altyn ugur» atly täze iri taslamany işe goýbermäge taýýarlyk görýär diýip, «Kazinform» habar berdi.

Gurluşygyň taslamasy bilen Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum tanyşdyrdy.

42 kilometrlik täze «Altyn ugur» 18 duralgany we Dubaýyň metrosynyň öňki hereket edýän ötüklerinden hem köp bolan häzirki zaman ötükleriň zynjyryny özüne birleşdirer. Ol şäheriň esasy strategik etraplarynyň 15-sinden geçer we 1,5 million ýaşaýja hyzmat eder, 55 sany gozgalmaýan emläkler bilen ulag aragatnaşygyny gowulandyrar.

«Biziň Dubaýy dünýäde ýaşamak üçin iň gowy şähere öwürmek ugrundaky görnükli taslamalarymyz maksatnama laýyklykda alnyp barylýar. Biziň geljekki başlangyçlarymyz togtanok, tersine, bat alýar. Biziň maksadymyz – millionlarça adam üçin röwşen geljegi gurmak. Biz sözümizde durýarys, öz wadamyzy ýerine ýetirýäris» diýip, Dubaýyň häkimi Х sosial torda ýazdy.

Taslama 34 milliard dirhem (9,26 mlrd dollar) bahalanýar.

Onuň gurluşygyny 2032-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda, Dubaý metropoliteniniň açylyp ulanmaga berlen gününiň 23 ýyllygyna gabatlap tamamlamak meýilleşdirilýär.