Turkmenportal logo
Şu gün 20:57
23522352
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Iltalehti»: Helsinkiniň ýaşaýjylary baglarda geň jisim gördüler
Surat: lenta.ru

Baglaryň şahalaryndaky geň jisim Helsinkiniň ýaşaýjylaryny gorkuzdy. Bu barada ýerli «Iltalehti» gazetine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.

Habara görä, agşamky gezelenç wagty ýerli är-aýal daragtlarda ak jisimi görüpdirler. Olar ap-ak jisimiň nämedigini kesgitläp bilmändiklerini gürrüň beripdirler. Beýleki ýaşaýjylar hem baglaryň şahalaryndan sallanyp duran zadyň nämedigini anyklap bilmändiklerini gürrüň beripdir. «Men onuň nämedigini aýdyp biljek däl, ýöne ol mata-da, plastige hem meňzeýärdi» diýip, erkek kişi aýdypdyr.

Neşir geň jisimiň nämedigine takyk jogap berip bilmeýär.