Turkmenportal logo
25.04.26
1639716397
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi yglan edildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy we onuň ýeňijisi yglan edildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşigiň ýeňijisi diýen hormatly ada Hankerwen atly ahalteke bedewi mynasyp boldy. 2018-nji ýylda doglan Hankerwen döwrüniň meşhur bedewi Gaplaňyň ugruna degişlidir.

 Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan bedewiň seýsine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Fortuner» kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.