Turkmenportal logo
Düýn 22:59
48544854
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplarynyň häkimlerini wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda degişli resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda Baýram Sylapberdiýewiç Şungaýew Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň Baýramly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy hem-de bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek Baýramly etrabynyň häkiminiň orunbasary Nurmyrat Şadurdyýewiç Muhammedowyň üstüne ýüklenildi.

Magtymguly Saryýewiç Saryýew pensiýa gitmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy hem-de bu wezipä Azat Rejepmyradowiç Gurbanow bellenildi.

Merdan Bebidowiç Poladow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Nureddin Batyrowiç Saýypow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.