Turkmenportal logo
Düýn 17:38
59605960
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Super Mario: Galaktika kinosy» ýylyň iň girdejili filmi boldy
Surat: rg.ru

Köpleriň söýgüli «Nintendo» oýunlarynyň biriniň esasynda surata düşürilen «Super Mario: Galaktika kinosy» (The Super Mario Galaxy Movie) dünýä prokatynda 747,5 million dollar toplap, ýylyň iň girdejili filmi boldy.

«Box Office Mojo» internet neşiriniň ýazmagyna görä, bu filmiň iki bölüminiň jemi kassa ýygymy iki milliard dollardan geçdi diýip, «rg.ru» habar berýär.

Ikinji orunda prokatda 647,8 million dollar toplan hytaý sport komediýasy «Pegas 3» we üçünji orunda 573 million dollar ýygym bilen Raýan Goslingiň çykyş edýän «Ahyrzaman taslamasy» filmleri ýerleşdi.

Režissýor Li Kroniniň «Mumiýa» horrory prokatda erbet badalga almady, ol ilkinji dynç günlerinde 22 million býujet bilen 34 million dollar kassa ýygymyny gazandy.