Turkmenportal logo
Düýn 17:24
57905790
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Forbes» žurnaly Russiýanyň iň baý adamyny mälim etdi
Surat: gazeta.ru

Russiýada iň baý adam «Sewerstal» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we esasy paýçysy Alekseý Mordaşow. Muňa «Forbes» neşirinde çap edilen sanaw güwä geçýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Mordaşow jemi emlägi rekord derejeli 696,5 milliard amerikan dollaryna deň bolan 155 sany russiýaly milliarderiň sanawynyň başyny çekdi. Ol «Nornikel» kompaniýasynyň 37 milliard dollar maliýe serişdesi bolan eýesi Wladimir Potaninden hem öňe saýlandy. Ondan soňra sanawda üçünji orunda «Lukoýl» nebit kompaniýasyny esaslandyran Wagit Alekperow ($29,5 mlrd), NOWATEK-iň başlygy Leonid Mihelson maşgalasy bilen ($28,3 mlrd), senator Süleýman Kerimow maşgalasy bilen ($25,7 млрд) ýerleşdiler.

Habarda geçen ýylda Russiýada milliarderleriň sanynyň dokuz adam köpelendigi, ýurduň ähli baý adamlaryň jemi emläginiň 71 milliard dollar artandygy bellenýär.