Lebap sement zawodynda 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde önümçilik 406 müň tonna golaýlady. Netijede geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35 müň tonna golaý önüm köp öndürildi.
Önümçiligiň artyş depgini 9,5 göterime golaýlaýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilşi ýaly, 2025-nji ýylda bu zawodyň taryhynda iň düşümli ýyllaryň biri boldy. Onuň birinji we ikinji tapgyrynyň bilelikde öndüren önümi 1,5 million tonnadan hem geçdi.