Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, türkmen atlarynyň tohumçylyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de kämilleşdirmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alnyp, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurduň şu aşakdaky raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy.
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň atbakary Rejepmuhammet Ataýewiç Gylyjow;
Hususy atşynas Ataberdi Borjakow;
Aşgabat şäherinden hususy atşynas Bäşim Öwezmyradowiç Bäşimow;
Balkan welaýatyndan hususy atşynas Orazdurdy Mämmetnyýazowiç Orazmyradow;
Daşoguz welaýatyndan hususy atşynas Hemra Täzebaýewiç Rejepow.