Turkmenportal logo
23.04.26
1489714897
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMGÖM-niň hemişelik wekili bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy 

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň BMGÖM bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

2026 — 2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. 

Taraplar Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny 2027-nji ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýokary derejedäki Syýasy forumynynyň çäklerinde hödürlemek üçin taýýarlamaga aýratyn üns berdiler.

Duşuşykda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek we döwrebap gurallaryny ornaşdyrmak ýaly durnukly ösüşiň möhüm meselelerini mazmunly ara alyp maslahatlaşmak üçin Açyk söhbetdeşlik formatynyň netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Şeýle hem taraplar häzirki bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi, serişdeleri çekmek hem-de pudagara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.