Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine dalaşgär Mişel Baçelet guramanyň her bir edarasynyň Milletler Bileleşiginiň Düzgünnamasynda kesgitlenen ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde hereket etmelidigini, ony bölekleýin däl-de, doly ýerine ýetirmelidigini nygtady. Baçelet eger bu ýokary wezipä saýlansa, Baş Assambleýanyň we guramanyň beýleki edaralarynyň ähli çözgütlerini berjaý etjekdigini söz berdi.
Ol bu barada guramanyň düýp edarasynda geçen diňlenişik wagty BMG-de Russiýanyň hemişelik wekilhanasynyň syýasy utgaşdyryjysy Dina Gilmutdinowanyň sowallaryna jogap berende aýtdy diýip, TASS ýazýar.
2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärleriň köpçülikleýin diňlenişikleri badalga aldy. Olarda dalaşgärler öz maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar. Täze Baş sekretaryň saýlawlary 2026-njy ýylyň iýulynda bolar. Bu wezipäni 2017-nji ýyldan bäri eýeläp gelýän Antoniu Guterrişiň ygtyýarlylyklary şu ýylyň 31-nji dekabrynda dolýar.
Bu wezipä dört adam dalaş edýär, olar Çiliniň öňki Prezidenti we BMG-niň adam hukuklary boýunça öňki ýokary komissary Mişel Baçelet, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (ÝUNKTAD) baş sekretary Rebekka Grinspan (Kosta-Rika), MAGATE-niň baş direktory Rafael Grossi (Argentina) we Senegalyň öňki Prezidenti Maki Sal.