Turkmenportal logo
Düýn 16:16
72187218
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gruziýanyň DIM-niň başlygy wise-premýer wezipesine bellendi
Surat: tass.ru

Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Maka Boçorişwili Hökümetde Premýer-ministriň orunbasary wezipesine bellendi we ministriň wezipesini-de saklap galdy. Bu barada Respublikanyň Hökümet başlygy Irakliý Kobahidze metbugat ýygnagynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.

«Men size Gruziýanyň daşary işler ministri hanym Maka Boçorişwilä wise-premýeriň wezipe borçlarynyň hem ýüklenýändigini habar bermek isleýärin. Şunlukda, hökümetiň düzüminde üç wise-Premýer bolar» diýip, Kobahidze aýtdy.

Kobahidze wise-premýeriň wezipesini Gruziýanyň döwlet howpsuzlygy gullugynyň başlygy wezipesinden boşan we ýurduň Hukuk goraýjy edaralarynyň işini utgaşdyrmak meseleleri boýunça döwlet ministriniň wezipesini eýelejek Mamuka Mdinaradze hem teklip edendigini habar berdi. Döwlet ministriniň täze edarasy Parlament tarapyndan tassyklanandan soňra düzüler.

21-nji aprele çenli Gruziýanyň Hökümetinde ýeke-täk Premýer ministriň orunbasary – goranmak ministri Irakliý Çikowani bardy.