Turkmenportal logo
23.04.26
2258122581
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Italiýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler

Düýn onlaýn maslahatynyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Kýeti we Peskara şäherlerindäki Gabriele d’Annunsio uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, gol çekilen resminama türkmen-italýan ynsanperwer gatnaşyklaryny we iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça geljekki tagallalary birleşdirmek üçin berk binýat döretdi.

Ylalaşygyň çäklerinde ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki işler göz öňünde tutulýar. Muňa mugallymlar we talyplar bilen alyş-çalyş etmek, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak, iki ýokary okuw mekdebiniň professorlarynyň gatnaşmagynda talyplar üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny guramak, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek hem-de uniwersitetlerde geçirilýän halkara çärelerine özara gatnaşmak girýär.

Kýeti we Peskara şäherlerindäki Gabriele d’Annunsio uniwersiteti türkmen ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy hyzmatdaşlarynyň biridir we Italiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girýär. Uniwersitet taryh, geologiýa, inženerçilik, binagärlik, lukmançylyk we psihologiýa ýaly ugurlarda dünýä derejesindäki ylmy-barlag merkezi hökmünde tanalýar.

Çeşmäniň bellemegine görä, aýratyn üns Kýeti we Peskara şäherlerindäki Gabriele d’Annunsio uniwersitetiniň Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri bilen bilelikde ynsanperwer ylymlar — arheologiýa, medeni miras we häzirki zaman taryhy ugurlarynda alyp barýan giň gerimli ylmy-barlag işlerine berilýär.