Turkmenportal logo
Düýn 09:51
79677967
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aýdymçy Pýer Narsissiň emlägi maşgala dawasyna sebäp boldy
Surat: gazeta.ru

«Шоколадный заяц» («Şokolad towşan») hit-aýdymy bilen meşhurlyk gazanan russiýaly merhum aýdymçy Pýer Narsissiň emläginiň üstündäki maşgala dawasy dowam edýär. Bu barada prodýuser Sergeý Dworsowa salgylanýan «OSN» neşiri habar berdi. Prodýuseriň sözlerine görä, ol häzir aýdymçynyň ogluny aýdym-saz sungatynda çykyş etmäge taýýarlaýar we mirasyň töweregindäki ýagdaýdan habarly.

«Biz Pýer Narsissiň emlägi üçin göreşe başladyk. Ol öý, çaý plantiasiýalary, gozgalmaýan emläkler we beýleki maýa goýumlar. Emma Narsissiň ejesi olary aýdymçynyň öňki ýanýoldaşyna, agtygyna – hiç kime bermek islemeýär. Biziň hukukçylarymyz häzir bu meseläni çözýärler. Jikme-jik soň habar bereris» diýip, prodýuser aýtdy.

Dworsowyň sözlerine bu işiň uzaga çekmegi mümkin, sebäbi oňa birnäçe gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşýar.