Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary Kluž-Napoka tehniki uniwersitetinde hünär kämilleşdiriş okuwyny geçýärler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Rumyniýanyň tehniki we inženerçilik bilimi ulgamyndaky öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň binasynda giň gerimli maksatnama guraldy: umumy leksiýalar, seminarlar, çekişmeler, şeýle hem amaly we tejribe sapaklary geçirilýär.
Türkmenistanly mugallymlar okatmagyň döwrebap usullary, okuw maksatnamalaryny işläp düzmekdäki innowasion çemeleşmeler hem-de maglumat ulgamyndaky häzirki zaman dünýä meýilleri bilen tanyşýarlar. Şeýle hem olar uniwersitetiň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ylmy barlaghanalaryna baryp gördüler.
Mundan başga-da, geljekde talyplaryň we mugallymlaryň ylmy-bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen täze okuw çärelerini geçirmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak bellenildi.
Çeşmäniň bellemegine görä, türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary 2019-njy ýylda baglaşylan ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň çäklerinde Rumyniýanyň uniwersitetinde yzygiderli geçirilýär.