Turkmenportal logo
Düýn 22:45
39803980
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň güni döredildi

Ozal habar berşimiz ýaly, Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Onuň dowamynda mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gol çekilen resminamalaryň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana Beýannamasy, AHHG-nyň Prezidentini saýlamak hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Gazagystan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklygynyň netijeleri hakynda Çözgüdi, «26-njy mart — Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň güni» diýip makullamak we döretmek hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.