Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine mejlisine gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlisde çykyş etmek bilen Aral sebitiniň halklary üçin örän möhüm bolan wezipeleriň ikinji derejä geçirilmegine ýol berilmeli däldigini, bu ugurda bilelikde halkara hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş gurallaryny gorap saklamalydygyny, ösdürmelidigini belledi.
«Araly halas etmek, onuň geljegi, deňziň sebitinde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň mertebe işimizdir, syýasy we ahlak jogapkärçiligimizdir. Şol bir wagtyň özünde bu möhüm ekologiýa, durmuş we ynsanperwer meselelerini çözmek üçin ýurtlarymyzyň hem-de halkara hyzmatdaşlarymyzyň ykdysady, maliýe-guramaçylyk serişdelerini, şeýle hem diplomatik tagallalaryny birleşdirmek we ulanmak boýunça umumy borjumyzdyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe teklipleri öňe sürdi.
Sözüniň ahyrynda Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi bilen gutlady hem-de öňde duran işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.