Turkmenportal logo
22.04.26
1587215872
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň abraýly žurnalynyň ýörite sany Türkmenistana bagyşlandy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkiýäniň öňdebaryjy halkara neşirleriniň biri bolan «Business Türk» žurnaly 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýörite sanyny çap etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu neşirde ýurduň Garaşsyzlyk taryhy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady, durmuş, hukuk, ylym we medeniýet ulgamlarynda gazanylan ýokary üstünlikler giňişleýin beýan edilýär.

Şeýle hem žurnalda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň ösüş mümkinçiliklerine we sebit döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek meselelerine bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi.

Ýörite sanda çap edilen makalalaryň awtorlary, şol sanda Türkiýäniň görnükli döwlet işgärleri, syýasatçy-alymlary we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň özboluşlylygyny hem-de onuň sebit durnuklylygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuny aýratyn nygtaýarlar.

Energetika, ulag we suw diplomatiýasy ugurlaryndaky halkara başlangyçlara, şeýle-de Türkmenistanyň umumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk ädimlerine aýratyn üns çekilýär.

Umuman, bu neşir Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görülýän döwürde ýurtda bolup geçýän möhüm wakalar, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlar barada okyjylara giňişleýin maglumat berýär.