Turkmenportal logo
Düýn 17:53
1029610296
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen oba hojalyk institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak» atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum azyk howpsuzlygy meselelerinde halkara gepleşikleri berkitmäge hem-de global klimat üýtgemeleri şertlerinde agrosektoryň durnukly ösüşine gönükdirilendir.

Sanly meýdança 17 döwletiň wekillerini birleşdirdi: Azerbaýjan, Bangladeş, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Moldowa, Mongoliýa, Päkistan, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe, Wengriýa, Wýetnam, Özbegistan we Türkmenistan.

Maslahata dünýäniň 115 guramalaryndan 400 golaý wekil gatnaşdy. Tejribe alyşmaga Türkmenistanyň 21 sany ýokary okuw mekdepleri we ylmy edaralary, şeýle hem 94 sany daşary ýurt ylym we bilim merkezleri gatnaşdy. Maslahatda 280 golaý ylmy işler ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň esasy maksady suw, ýer we energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça teklipleri işläp düzmekden ybarat boldy. Esasy üns ekoulgamlara ýetirilýän täsiri azaltmaga we şol bir wagtyň özünde oba hojalygynyň ýokary öndürijiligini saklamaga mümkinçilik berýän ekologik çemeleşmelere berildi.