Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi uzynlygy 546 km bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara tender yglan etdi, diýip «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bäsleşigiň şertlerine görä, işler dört sany bölekde alnyp barlar: birinji – 0-dan 155 km çenli, ikinji – 155-den 285 km çenli, üçünji – 285-den 415 km çenli we dördünji – 415-den 546 km çenli. Esasy magistralyň durkuny täzelemek bilen bir hatarda, täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy we ugur boýunça bar bolan köpri desgalarynyň abatlanylmagy göz öňünde tutulýar.
Mundan ozal, 20-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow paýtagty ýurduň demirgazygyndaky Daşoguz welaýaty bilen baglanyşdyrýan magistraly döwrebaplaşdyrmak baradaky meýilnamalary hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow teklipleri makullap, Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň döwletiň esasy ulag ugurlarynyň biri hökmünde strategik ähmiýetini nygtady.
Bäsleşige gatnaşmak boýunça maglumatlary şu telefonlar arkaly alyp bolar: 92-08-64, 92-06-06 (tehniki meseleler) we elektron poçta: wes.awtoyolagency@gmail.com.