Turkmenportal logo
Şu gün 08:46
39743974
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Ýewropa sebitiniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti 16-17-nji aprelde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Brýusseldäki ştab-kwartirasynda geçirilen Ýewropa sebitiniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylaryň ünsi sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna we utgaşdyryş gurallaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi. Şeýle hem BGG-niň sebitdäki häzirki başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli düzümleriň hem-de sebit torlarynyň işine syn berildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň bu maslahata gatnaşmagy ýurduň halkara gümrük hyzmatdaşlygyny berkitmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga we milli gümrük ulgamyny häzirki zaman halkara standartlaryna laýyklykda ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.