Arkadag şäherinde geljekde Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynyň dowamynda belledi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri öz çägini barha giňeldýän täze şäherde geljekde Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini we bu ugra degişli meseleleriň içgin öwrenilýändigini belläp, bu işleriň Arkadag şäheriniň medeni-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda ähmiýetli boljakdygyny aýtdy.