Turkmenportal logo
Düýn 23:56
40134013
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde bedew baýramy mynasybetli ençeme maşgalalara täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürilip getiriler. Bu barada şu gün Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa maglumat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän pursatlarynda Arkadag şäheriniň ýörite sergisiniň guralmagy hem meýilleşdirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda uly dabaralara beslenmelidigini, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şanly sene mynasybetli şäheriň bagtyýar maşgalalaryna täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagynyň goşa baýrama öwrüljekdigini, ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda türkmen atşynaslygynyň milli ýörelgelerini giňden wasp edýän gepleşikleriň taýýarlanmalydygyny, oňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigni nygtady.