Turkmenportal logo
Düýn 23:38
42004200
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki  gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şähere iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda şäheriň gurluşyklarynyň depginleriniň haýaldygyny we ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine laýyk gelmeýändigini belläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.   

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, aýratyn-da, şäheriň esasy şaýoly bolan Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň depginleriniň güýçlendirilmelidigini we bu ýoluň tiz wagtda açylyp ulanylmaga berilmelidigini aýtdy we ähli meýilleşdirilen işleriň depginleriniň we hil derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda degişli maslahatlaryny berdi.