Turkmenportal logo
Düýn 23:27
38033803
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde Arkadag merkezi hem-de Gün elektrik bekedi gurulýar 

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine, döwrebap binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde Gahryman Arkadagyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdiler.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Arkadag şäheriniň önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalarynyň, täze şäheriň Arkadag merkeziniň binasynyň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary görkezildi. Aýratyn-da täze şäheriň Gün elektrik bekediniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada maglumatlar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň bolmalydygyny, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň bekedinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini, Arkadag merkeziniň otaglarynyň, mejlisler we duşuşyklar zallarynyň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmeldigini belledi we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.