Turkmenportal logo
Düýn 23:21
38453845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepde täze gurnaklar dörediler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen we durky düýpli döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleriniň gaznanyň hemaýat bermeginde alnyp barylýandygy barada maglumat berdi.  

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebiň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen dürli gurnaklaryň işi ýola goýulmalydyr. Mekdepde bilim alýan çagalaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmekleri bilen bir hatarda göwün söýen hünäriniň eýesi bolmagynda ähmiýetlidigini nygtady we türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-ündewlerini berdi.

Mekdepde açyk we ýapyk görnüşli stadionlaryň bolmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Olarda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri, aýratynda ýeňil atletikanyň ähli ugurlar bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler dörediler. Mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagynyň bolmagy onda terbiýelenýän çagalaryň döwrebaplaşdyrylan mekdepde ylym-bilim alyp, ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmeklerini üpjün edýän topluma öwrüler. Şeýle hem bu ýerde ata-eneler üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmelidigine ünsi çekip, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde meýilleşdirilen gurluşyk we guramaçylyk işleriniň kesgitlenen kada laýyk derejede alnyp barylmalydygyny aýtdy.