Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Arkadag şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen we durky düýpli döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň çäginde alnyp barylýan işler, şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine, döwrebap binalaryň şekil taslamalaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de olar bilen baglanyşykly degişli ýolbaşçylara öwüt-ündewlerinidir tabşyryklaryny berdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklaryň depginlerini ýokarlandyrmak we olara häzirki zaman sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.