Turkmenportal logo
Düýn 17:13
1011910119
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Istat: Italiýada ortaça ömür dowamlylygy 83 ýaşdan geçdi
Surat: lanostragazzetta.ru

Italiýa dünýäniň iň uzak ömür dowamlylygy bolan ýurtlarynyň hataryna girdi. Istat milli statistika institutynyň täze hasabatyna laýyklykda, bu gün ýurtda ömrüň garaşylýan ortaça dowamlylygy 83,4 ýyla deň. Soňky onýyllyklarda bu görkeziji takmynan 8 ýyl görnetin artdy we 81,5 ýaşa deň boldy, zenanlarda 86,5 ýaş, erkeklerde 85,6 ýaşa çenli. Ölümiň ortaça ýaşy 2023-nji ýylda erkekler üçin 81,6, zenanlar üçin 86,3 ýaşy düzdi.

Bilermenler şeýle öňegidişligiň sebäpleri hökmünde saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegini, azygyň hiliniň gowulanmagyny, arassaçylyk derejesiniň ýokarlanmagyny we ilatyň köpçülikleýin sanjymyny görkezýärler. Alymlar ýerli ýaşaýjylaryň gündelik fiziki işjeňliginiň we däp bolup gelýän milli aşhananyň uzak ömrüň syrydygyny belleýärler. Bu Sardiniýa ülkesinde has-da özüni bildirýär. Hatda gartaşan sardiniýalylar hem dag ýollarynda pyýada gezýärler, hojalyk işleri bilen meşgullanýarlar, baglara hem-de öý mallaryna ideg edýärler. Bu bolsa, ýüregi we damarlary berkidýär.

Munuň üstüne sagdyn iýmitlenmegi-de goşmak gerek, ekologik taýdan arassa iýmit, ter gök-bakja önümleriniň köp ulanylmagy sardiniýalylaryň uzak ömür sürmeginiň möhüm şertidir diýlip, «rg.ru» tarapyndan çap edilen habarda bellenýär.