Turkmenportal logo
Düýn 16:13
91559155
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar Ýeriň ýylsaýyn ýagtylanýandygyny anykladylar
Surat: lada.kz

Ýeriň gijeki yşyklandyryşy her ýylda ýokarlanýar diýip, alymlar habar berdiler. Emma bu ýagdaýyň derejesi durnukly däl we sebitlere garaşlylykda, üýtgäp durýar.

ABŞ-nyň Konnektikut uniwersitetiniň alymlary soňky on ýylda alnan hemra suratlarynyň 1,1 milliondan gowragyny seljerdiler. Alnan netijeler 2014-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli planetanyň emeli yşyklandyrylyşynyň 16 göterim ýokarlanandygyny görkezdi. Emma Ýeriň käbir ýerleri öňküsinden has öçüksi bolupdyr.

Bu ugurda ösüş depgini boýunça öňdeligi Aziýa eýeledi. Hytaýda we Hindistanda gijeki yşyklandyryş şäherleriň ösüşi bilen baglylykda, «artypdyr». ABŞ-nyň günbatar kenarýaka şäherleri-de ilat sanynyň artmagy bilen bagly has ýagtylanypdyr.

Ýewropada bolsa, energiýa täsirliligi boýunça çäreler bilen baglylykda, yşyklandyryş görnetin pese düşüpdir. Fransiýada ol 33, Beýik Britaniýada 22 we Niderlandlarda 21 göterim kemelipdir. Wenesuelada gijeki yşyklandyryş ykdysady sebäpler bilen baglylykda, 26 göterim pese gaçypdyr diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.

Tutuş dünýäde gazyň bihuda sarp edilýändigini göz öňünde tutsaň, bu maglumatlaryň jemgyýetçilik üçin elýeterliligi energiýa, ykdysady we ekologik howpsuzlyk babatda wajyp bolup durýar diýip, alymlar belleýärler.