Turkmenportal logo
Düýn 14:28
81308130
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Finlýandiýada adam aýagy sekmeýän ada ýandy
Surat: gazeta.ru

Fin Laplandiýasynda – Tornionýoki derýasyndaky Likasaari diýen adam aýagy sekmeýän ada 18-nji aprelde tutuşlygyna ýandy diýip, «Yle» neşiri habar berdi.

Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, Karunki ilatly ýerindäki ada ýekşenbedäki ýangynda kül boldy. Ýangyn söndürijileriň oduň beýleki adalara ýa-da kenara geçmezligi üçin gözegçilik edendikleri bellenýär. Ýangyn netijesinde okrugy goýy tüsse büredi.

Likasaari adam aýagy sekmeýän otluk adadyr. Adanyň ýakylmagynyň onýyllyklardyr dowam edip gelýän ýerli däpdigi aýdylýar.