Rim Papasy Lew XIV uruşlardan, adalatsyzlykdan, garyplykdan we korrupsiýadan azat dünýä gurmaga çagyryş bilen ýaşlara ýüzlendi. Ol bu barada Angolanyň Muşima şäherinde eden çykyşynda nygtady diýip, ýerli «Angop» agentligi Х sosial torunda ýazdy.
«Bibimerýem bize beýik sargyt etdi –uruşsyz, adalatly, garyplykdan we korrupsiýadan azat, keramatly Injiliň ýörelgeleriniň ýüreklere nur çaýjak iň gowy dünýäsini gurmagy wesýet etdi» diýip, pontifik ýygnanan ýaşlara ýüzlendi. Papanyň sözlerine görä, dünýäde «uruş däl-de, adalat dabaralanmalydyr».
Rim Papasy Afrika apostol sapary bilen bardy. Muşima şäheri Angolanyň katolikleriniň iň kän zyýarat edýän ýerleriniň biridir. Ol ýerde «Muşimanyň Bibimerýemi» zyýaratgähi ýerleşýär.
16-njy aprelde Rim Papasy uruş alyp barýan we dünýäni talaýan «zalymlary» tankyt etdi.